Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Pakistandaky ekstremistler parahatçylygy bökdeýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri. 31-nji awgust, 2016 ý.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri. 31-nji awgust, 2016 ý.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Pakistany regionda parahatçylygy bökdeýän ekstremistleriň “mesgen tutan ýerlerini, bukularyny” ýok etmäge çagyrdy.

31-nji awgustda, Hindistana edýän saparynyň ikinji gününde Kerri soňky aýlarda birneme progresiň bolandygyna garamazdan, Pakistanyň öz serhetlerinde gizlenýän söweşijilere garşy has berkräk göreşmegi zerur diýdi.

“Pakistanyň ekstremist hereketleri amala aşyrýan ýerli, şol sanda ‘Talyban’ bilen ilteşikli ‘Hakkani’ ulgamyna we ‘Laşkar-e-Taiba’ toparlaryna garşy basyşy güýçlendirmegi üçin köp iş etmelidigi aç-açan belli zat” diýip, Kerri aýtdy.

Birleşen Ştatlar Pakistanyň aňtaw gullugyny “Hakkani” ulgamynyň söweşijilerini goldamakda aýyplaýar. Pakistan bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG