Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppo: Hüjümde hlorly gazyň ulanylmagy güman edilýär


Lukmanlar dem alyş ugrundan ejir çekýänlere kömek berýärler, Aleppo, 6-njy sentýabr, 2016.
Lukmanlar dem alyş ugrundan ejir çekýänlere kömek berýärler, Aleppo, 6-njy sentýabr, 2016.

Siriýadan gowuşýan maglumatlarda Aleppo şäherinde hlorly gazyň ulanylandygy güman edilýän hüjüminiň netijesinde onlarça adamyň dem alyş problemasyndan ejir çekýändigi habar berilýär.

Britaniýada ýerleşýän “Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi” atly gurama 6-njy sentýabrda şäheriň oppozisiýanyň gözegçiligindäki Sukari etrapçasynda bolan bombaly hüjümleriň netijesinde 70 adamyň dem gysmadan ejir çekendigini aýdýar.

Adam ýitgisi barada habar berilmedi.

Siriýanyň raýat goranyşy atly adatdan daşary meýletinçi topary bombalaryň hökümetiň dikuçarlaryndan taşlanandygyny we hlorly maddalary öz içine alandygyny habar berdi.

Raýat goranyş topary çagalaryň kislorodly nikaplary ulanýandygyny görkezýän wideony Facebook ulgamyndaky sahypasynda çap etdi. Topar hökümeti geçen aýda hlorly bolmakda güman edilýän ýene iki hüjümi amala aşyrmakda aýyplady.

Damask bäş ýyl bäri dowam edýän graždan urşunyň dowamynda himiki ýaraglary ulanmagyna degişli ähli aýyplamalary ret edýär.

BMG-niň ýolbaşçylygynda awgustda geçirilen derňewler Siriýanyň hökümetiniň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda zäherli gazlaryň ulanylmagynda amala aşyrylan iki sany hüjüme jogapkärdigini anyklady.

XS
SM
MD
LG