Türkmenistan Gyrgyzystanda geçýän Bütindünýä çarwa oýunlarynda göreş boýunça sekiz sany altyn medal gazandy.
Bu halkara ýaryşynyň çäginde 7-nji sentýabrda “alyş” ýagny erkin göreş boýunça geçirilen bäsdeşlikde Türkmenistan üçin dört altyn medaly aýallar we dört medaly erkekler gazanypdyr. Bäsdeşlige 34 ýurtdan 140 sportsmen gatnaşypdyr.
Gyrgyzystanda 3-nji sentýabrda başlanan we iki hepdeläp dowam etjek Bütindünýä çarwa oýunlaryna çarwaçylyk däp-dessurlaryna eýe bolan 40 ýurduň, şol sanda Orsýetiň we ABŞ-nyň wekilleri gatnaşýarlar.
Gyrgyzystanyň inisiatiwasy bilen döredilip, Merkezi Aziýa halklarynyň çarwa milli sport görnüşlerini öz içine alýan bu halkara ýaryşy birinji gezek 2014-nji ýylyň sentýabrynda Yssyk kölde geçirilipdi we oňa jemi 17 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri gatnaşypdy.