Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HMF Bosniýa 620 million dollarlyk kömek berer


Bosniýanyň premýer-ministri Denis Zwizdiç
Bosniýanyň premýer-ministri Denis Zwizdiç

7-nji sentýabrda Halkara maliýe fondunyň dolandyryjy müdirligi Bosniýanyň ykdysady reformalaryny goldamak üçin ýurda indiki üç ýylyň dowamynda 620 million dollarlyk karzy makullady.

Halkara maliýe fondy 88.7 million dollaryň ýurda dessine beriljegini, galan puluň reformalaryň netijeliligine bagly boljakdygyny mälim etdi.

Bu maliýe kömegi 2015-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanan 720 million dollarlyk programmanyň ornuny tutar. Halkara maliýe fondy bu kömegi Bosniýanyň hökümetiniň wada beren reformalaryny uzaga çekdirmegi sebäpli ýatyrypdy.

Bosniýanyň iki sany awtonom regiony Bosniýa-Horwat federasiýasy we Serb respublikasy 573 million dollarlyk býujet difisitini başdan geçirýär we öz maliýe zerurlyklary üçin Halkara maliýe fondunyň nagt pul görnüşli kömegine mätäçlik çekýär.

Halkara maliýe fondy ýurtdan düýpli ykdysady reformalary, şol sanda biznes üçin amatly şertler, döwlet eýeçiligindäki emlägiň hususylaşdyrylmagy we iş bilen üpjünçiligi höweslendirmek üçin salgytlary azaltmak ýaly çäreleri talap edýär.

XS
SM
MD
LG