Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent: Kerimowyň ady metjide dakylar


Yslam Kerimowyň ady dakylýan metjit, Daşkent, 13-nji sentýabr, 2016.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentiň iň gadymy metjitleriniň birine prezident Yslam Kerimowyň ady dakylar. Özbek hökümetiniň aýtmagyna görä, Kerimow 2-nji sentýabrda beýnisine gan inmesi zerarly aradan çykdy.

Kerimowyň gyzy Lola Kerimowa-Tillýaýewa özüniň we adamsynyň Daşkentde 2015-nji ýylda ýangynda zeper ýeten metjidi dikeltmegiň üstünde iş alyp barýandygyny 13-nji sentýabrda Facebook ulgamy arkaly habar berdi.

“Dini geňeşiniň ruhanylarynyň we jemgyýetiň eden tekliplerine laýyklykda metjide Özbegistanyň birinji prezidentiniň, meniň kakam Yslam Kerimowyň hatyrasyna Yslam-ata metjidi adynyň dakylmagy karar edildi”, diýip Kerimowa-Tillýaýewa ýazdy.

78 ýaşly Kerimowyň 27 ýylyň dowamynda Özbegistany dolandyran döwründe ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan başga pikirdäkilere we garaşsyz yslam ruhanylaryna gysyş görkezildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG