Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň, Fransiýanyň baş diplomatlary gündogar Ukraina sapar edýär


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier (çepden 3-nji) we beýleki resmiler Donetsk regionyna barýarlar, 15-nji sentýabr, 2016.
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier (çepden 3-nji) we beýleki resmiler Donetsk regionyna barýarlar, 15-nji sentýabr, 2016.

Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri gündogar Ukrainada 2014-nji ýylda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda ýaragly konflikt başlanaly bäri regiona ilkinji gezek syýahat edýärler.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier we Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Mark Ayrault 15-nji sentýabrda Ukrainanyň hökümetiniň gözegçiligindäki Kramatorsk şäherine bardylar. Olar “Donbasyň ýörite statusyna ýok!” we “Biz Ukraina!” şygarly plakatlary göterip duran onlarça protestçi bilen duşuşdylar.

14-nji sentýabrda Ukrainanyň liderleri gündogar Ukrainada 15-nji sentýabrda güýje girip, azyndan bir hepdeläp dowam etjek ok atyşygy bes etmek barada täze arakesmäniň berjaý edilişine gözegçlik etmek barada ylalaşdylar.

Bu karar Steinmeieriň we Ayraultyň Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen gepleşik geçirmeginiň yzýany yglan edildi. Olar ukrain hökümetini 2015-nji ýylyň fewral aýynda Minskde gelnen ylalaşygy berjaý etmäge ündediler.

XS
SM
MD
LG