Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşmir hüjüminde 17 esger, 4 jeňçi öldi


Hindistan, premýer-minirstr Narendra Modi owgan prezidenti Aşarf Gani bilen, 14-nji sentýabr, 2016
Hindistan, premýer-minirstr Narendra Modi owgan prezidenti Aşarf Gani bilen, 14-nji sentýabr, 2016

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Hindistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmirde harby lagere hüjüm edip, 17 esgeri öldürenleri jezalandyrmagy wada berdi.

Ol harby baza çozulmagyny«ýigrenji» we «namart» hüjüm atlandyrdy.
Harbylar 18-nji sentýabrda daňdan☐bolan we azyndan 17 esgeriň ölümine getiren ýaragly söweşde dört sany jeňçiniň hem öldürilendigini aýtdy.

Resmilersany belli bolmadyk bir topar jeňçiniň 18-nji sentýabr güni irden Urişäherindäki harby lagere sümüp girendigini aýdýar.

Bu lager Pakistan bilen de fakto serhetde ýerleşýär we pitneçiler lagerdäki esgerleri tüpeň, granat nyşanasyna alypdyrlar.

Yslamabat özüniň bu hüjüm bilen baglanyşygy barada aýdylýan sözleri ret etmek bilen, Hindistanyň derhal, derňew geçirmezden, Pakistany günäleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG