Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: 2010-njy ýylyň geçiş hökümeti 'derňelýär'


Gyrgyzystanyň tanymal jemgyýetçilik wekili Edil Baisalow
Gyrgyzystanyň tanymal jemgyýetçilik wekili Edil Baisalow

Gyrgyzystanyň tanymal jemgyýetçilik wekili Edil Baisalow 2010-njy ýylyň geçiş hökümetiniň agzalarynyň, şol sanda şol wagt prezident bolan Roza Otunbaýewanyň yzarlamalara sezewar bolýandygyny aýdýar.

Otunbaýewanyň edarasynyň başlygy bolan Baisalow özüniň tiz wagtda tussag edilmeginiň ähtimaldygyny 19-njy sentýabrda žurnalistlere aýtdy.

Baisalow ady agzalmadyk çeşmesine salgylanmak bilen özüniň tussag edilmegine we Otunbaýewa, şeýle-de “Ata Meken” atly oppozision partiýanyň lideri Omurbek Tekebaýewe garşy görkezme bermäge mejbur edilmegine prezident Almazbek Atambaýew tarapyndan kanun goraýjy edaralara görkezmäniň berilendigini aýtdy.

Geçen hepdede prezidentiň edarasynyň habar bermegine görä, Atambaýew Baş prokuraturadan geçiş hökümetiň agzalarynyň etnik özbek biznesmeni Kadyrjan Batyrowyň Gyrgyzystandan Ýewropa gaçyp gitmegine güman edilýän gatnaşygyny derňemegi tabşyrypdy.

Häzirki wagtda Şwesiýada ýaşaýan Batyrow etnikara ýigrenji tutaşdyrmakda we 2010-njy ýylyň iýun aýynda günorta Gyrgyzystanda özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda gandöküşikli çaknyşyklary gurnamakda aýyplanyp, 2011-nji ýylda gaýybana ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG