Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Orsýetdäki saýlawlar çäklendirilen emma öňküsinden açyk


ÝHHG-niň Orsýetdäki saýlawlara gözegçilik eden missiýasynyň başlygy Ilkka Kanerwa (s) we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň resmi toparynyň ýolbaşyçy Marietta Tidei (ç), Moskwa, 18-nji sentýabr, 2016
ÝHHG-niň Orsýetdäki saýlawlara gözegçilik eden missiýasynyň başlygy Ilkka Kanerwa (s) we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň resmi toparynyň ýolbaşyçy Marietta Tidei (ç), Moskwa, 18-nji sentýabr, 2016

18-nji sentýabrda Orsýetiň Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlara gözegçilik eden Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) missiýasy ençeme faktlaryň, şol sanda kanuny çäklendirmeler, döwletiň media gözegçiligi, raýat jemgyýetçiliginiň çäklendirilmegi we dürli düzgün bozmalar ýaly bidüzgünçilikleriň saýlawlara kölege salandygyny aýtdy, emma bu ses berişligiň ozalkylardan has açyk alnyp barylandygyny aýtdy.

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň resmi toparynyň ýolbaşçysy Marietta Tidei Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa “saýlawlaryň gowy geçiriljegine ses berijileri ynandyrdy” diýdi.

Sesleriň 95%-niň sanalmagynda yglan edilen deslapky netijelere görä, häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň 450 orunlyk parlamentde 343 orna eýe bolmagyna garaşylýar. Galan orunlar Dumanyň ozalky düzüminde bolan we adatça “Ýedinaýa Rossiýa” bilen bilelikde ses berýän üç partiýanyň arasynda paýlanar.

XS
SM
MD
LG