Ukraina Orsýetiň peýdasyna içalyçylyk etmekde güman edilýän 25 ýaşly özbek raýatyny tussag edendigini aýdýar.
Döwlet serhet gullugy şübhe astyna düşen adamyň 19-njy sentýabrda Ukrainanyň günorta Harkiw regionyna Orsýetden barýan wagtynda serhet geçelgesinde saklanandygyny habar berdi. Döwlet serhet gullugy serhetçileriň adamyň geýimindäki düwmesinde gizlin kamerany, şeýle-de onuň jübülerinde wideo we ses ýazýan gurallary tapandygyny aýtdy.
Ady mälim edilmedik özbek raýaty Orsýetde bikanun ýaşaýanlygy sebäpli tussag edilmeginden soň orsýet resmileriniň özüne ýazgy edýän gurallary berendigini serhetçilere aýtdy.
Bu adam Ukrainanyň howpsuzlyk gullugyna derňew üçin tabşyryldy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.