Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Partlamalar sebäpli gözlenýän adam ele salyndy


WABC telewideniýesinden alnan surat Ahmad Han Rahamini polisiýa bilen ok atyşykdan soň keselhana alnyp barylýandygyny görkezýär, Linden, Nýu Jersey, 19-njy sentýabr, 2016
WABC telewideniýesinden alnan surat Ahmad Han Rahamini polisiýa bilen ok atyşykdan soň keselhana alnyp barylýandygyny görkezýär, Linden, Nýu Jersey, 19-njy sentýabr, 2016

Prokurorlar Manhattanda geçen dynç günlerinde bolan bomba partlamasy bilen baglylykda gözlenen 28 ýaşly asly Owganystanly amerikan raýatyna polisiýa bilen ok atyşykda adam öldürmäge synanyşandygy üçin günä bildirilendigini aýtdylar.

Nýu Jersiniň prokurory Ahmad Han Rahamä günä bildirilendigi barada 19-njy sentýabrda agşam aýtdy. Rahami yzyna düşen polisiýadan gaçyp gutulmaga synanyşan wagtynda ýaralandy.

Ol Nýu Ýorkdan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Lindende ele salynandan soň keselhana ýerleşdirildi. Şol ok atyşykda iki sany polisiýa wekili hem ýaralandy.

Manhattanyň Çelsea böleginde 17-nji sentýabrda bolan partlamada 29 adam ýaralandy.

Ýerli polisiýa 19-njy sentýabrda Rahami diýlip tanadylan adamyň suratyny ýaýradypdy we ony Manhattanda bolan partlama, şeýle-de bir gün ondan öň Nýu Jerside bolan partlama bilen baglylykda sorag etmek isleýändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG