Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maliýe bazarlar Klintonyň Trump bilen çekeleşigine reaksiýa görkezdi


Demokratik partiýasynyň kandidaty Hillari Klinton (ç) we Respublikan partiýasynyň kandidaty Donald Trump (s) Nýu Ýork, 26-njy sentýabr, 2016.
Demokratik partiýasynyň kandidaty Hillari Klinton (ç) we Respublikan partiýasynyň kandidaty Donald Trump (s) Nýu Ýork, 26-njy sentýabr, 2016.

Dünýäniň maliýe bazarlary we amerikan dollary Demokratik partiýasynyň kandidaty Hillari Klintonyň öz bäsdeşi Respublikan partiýasynyň kandidaty Donald Trump bilen çekeleşiklerde eden çykyşyna oňyn reaksiýa görkezdiler.

Çekeleşikleriň ertesi 27-nji sentýabrda Aziýanyň maliýe bazarlaryndan başlap, ABŞ-nyň Wall Street maliýe bazarlarynda söwda dowamly girdejili boldy. Amerikan dollary ýewro babatynda ösüp 1.1217, ýena babatynda 100.36 derejesine ýetdi.

Analitikler Klintonyň global maýa goýujylar üçin hereketini öňünden çak edip bolmaýan Trumpa garanda has düşnükli bolup görünýändigini aýdýarlar.

"Söwda we daşary syýasat boýunça gapma-garşylykly çykyşlary bilen maýa goýujylary alada goýan Trump ýeňilen ýaly göründi, hiç bolmanda foreksdäki reaksiýa laýyklykda, bu ýerde dollar erkin ösüşe eýe boldy” diýip gymmatly kagyzlary dolandyrmak boýunça BK Asset Management kompaniýasynyň ýolbaşçysy Boris Şlosberg aýtdy.

Klintonyň we Trumpyň arasynda bolan çekeleşikler ABŞ-da özüne uly ünsi çekip, oňa syn eden teletomaşaçylaryň sany 84 million adama ýetdi. Bu san çekeleşiklere dünýäde ýa-da internet üsti bilen, şeýle-de restoranlarda tomaşa eden millionlarça adamy öz içine almaýar.

XS
SM
MD
LG