Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Agdarylyşyk synanyşygy sebäpli 32 müň adam tussag edildi


Polisiýa 15-nji iýul wakalary sebäpli alymlaryň işden boşadylmagyna garşy çykyş edip, Ýokary bilim komissiýasynyň öňünde geçirilýän proteste gözegçilik edýär, Ankara, 22-nji sentýabr, 2016.
Polisiýa 15-nji iýul wakalary sebäpli alymlaryň işden boşadylmagyna garşy çykyş edip, Ýokary bilim komissiýasynyň öňünde geçirilýän proteste gözegçilik edýär, Ankara, 22-nji sentýabr, 2016.

Türkiýe 32 müňden gowrak adamy meýletin sürgünlikdäki dinçi Fethulla Gulen bilen aragatnaşykda güman edip tussag astynda saklaýar. Ankara Guleni 15-nji iýulda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplaýar.

Adalat ministri Bekir Bozdagyň 28-nji sentýabrda Türkiýäniň telewideniýesinde eden çykyşynda aýtmagyna görä, agdarylyşygy amala aşyrmak synanyşygyndan soň 70 müň adam derňew astynda we olardan 32 müň adam Türkiýäniň sudy tarapyndan resmi taýdan tussag astyna alyndy.

“Bu proses dowam etdirilýär” diýip Bozdag aýtdy. Mundan öň Türkiýäniň hökümeti 10 müň çemesi adamyň tussag edilendigini aýdypdy.

ABŞ-da ýaşaýan Gulen döwlet agdarylyşygynyň synanyşygyna gatnaşygyny ret edýär.

Bozdag ABŞ-nyň Türkiýäniň Guleni bermek baradaky ýüzlenmesine ýakyn günlerde jogap berjegi barada Ankarany habarly edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG