Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň öňki prezidenti Şimon Peres aradan çykdy


Şimon Peres, 6-njy iýul, 2014.
Şimon Peres, 6-njy iýul, 2014.

Ysraýylyň öňki prezidenti we Nobel baýragynyň laureaty Şimon Peres 28-nji sentýabrda 93 ýaşynda aradan çykdy.

Peres ýurduň içinde we daşynda iň sylanýan lideridi we Ysraýyl döwletiniň düýbüniň tutulmagynyň aýatda diri şaýady bolupdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu ýaýradan beýannamasynda “watan buýsanjynyň aradan çykanyna öz şahsy gynanjymy bildirýärin” diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Peresi “diňe bolan wakalardaky roly arkaly däl-de biziň ahlak garaýyşlarymyzy giňeltmek arkaly adamzadyň taryhynyň ugruny üýtgeden” sanlyja adamlardan biri diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG