Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak türme gözegçisi tussagy zorlany üçin ýyl aldy


Natalýa Slekişina. Almaty
Natalýa Slekişina. Almaty

Almatydaky sud ozalky türme gözegçisine bir tussagy zorlamak işi bilen bagly dokuz ýyl iş kesdi.

Türksib etrap sudy 30-njy sentýabrda Ruslan Hakimowy tussag Natalýa Slekişinany zorlamakda günäli tapdy we şol günüň özünde türme tussaglygyna höküm etdi.

Türmede gyzy bolan Slekişina Almatynyň bir tussaghanasynda birnäçe türme gözegçisiniň üstünden suda şikaýat edip, olaryň özüni toparlaýyn, ýagny üýşüp zorlandyklaryny aýtdy.

DNA barlagy Hakimowyň tussag aýaldan bolan çaganyň atasydygyny görkezdi. Beýleki türme gözegçilerine günä ýüklenmedi, ýöne olar 11-nji awgustda başlanan sud seljerişligine şaýat hökmünde getirildi.

Hakimow günäsini boýun almady.

Tussaglykda saklanylýan Slekişina suduň höküminden kanagatlanandygyny, emma özüni zorlan beýleki türme gözegçileriniň hem jogapkärçilige çekilmegi üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG