Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jonson: Orsýet "gözden düşen" döwlete öwrülýär


 Boris Jonson
Boris Jonson

Britaniýanyň täze daşary işler ministri Boris Jonson Orsýetiň Siriýadaky graždan nyşanlaryna urýan zarbalary sebäpli «ýek görülýän» döwlete öwrülmek töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýar.

"Olar ilki bir bomba taşlap, soň kömek işgärleriniň çykaryna garaşýarlar, graždan adamlar ýaralylary harabalaryň aşagyndan çekip çykarýar, şondan bäş minut soň olar ýene bir bombany taşlaýarlar" diýip, Jonson 30-njy sentýabrda Britaniýanyň “Sun» gazetine beren interwýusynda aýtdy.

"Bizde subutnama bar. Bizde muny orsýetlileriň özleriniň edýändigini aýtmaga esas bar" diýip, ol aýtdy.

"Biz bularyň baryny dokumentleşdirmäge çalyşýarys, sebäbi bu, meniň pikirimçe, gep-gürrüňsiz uruş jenaýaty bolup durýar.”

Gözegçi topar 30-njy sentýabrda Orsýeti bir ýylyň dowamynda Siriýada uran howa zarbalary esasynda 10 müňe golaý graždan adamy öldürmekde günäledi.

Jonson Britaniýa bilen Birleşen Ştatlaryň Moskwa basyş etmek üçin bir topar çäräniň pikirini edýändigini, ýöne ýeke-täk we iň güýçli ýaragyň utançdygyny aýtdy.

"Dünýäniň Orsýete garaýşy berkeýär we men Orsýet gözden düşen döwlet bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip pikir edýärin” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG