Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pop Fransis Tbiliside ýygnanyşyk geçirdi


Pop Fransis Tbiliside kepderi uçurýar, 30-njy sentýabr, 2016
Pop Fransis Tbiliside kepderi uçurýar, 30-njy sentýabr, 2016

Rim papasy Kawkaza saparynyň ikinji gününde Tbilisiniň stadionynda dini çydamlylygy we parahatçylygy wagyz etmäge gönükdirilen ýygnanyşyk geçirdi.

Fransis 1-nji oktýabrdaky öwüt-ündewlerinde katolikleri hudaýdan kanagat tapmaga we daş-töwerekde sazlaşygyň ýoklugy üçin ruhdan düşmezlige çagyrdy.

Gürjüstanyň Prawoslaw ybadathanasy Miheýil Meshi stadionynda guralan ýygnanşyga resmi delegasiýasyny ibermedi, ýagny prawoslawlaryň katolik çäresine gatnaşyp bilmeýändigini aýtdy.

Prawoslaw partriarhatynyň sözçüsi Nato Asatiani bu delegasiýanyň Watikan bilen «özara ylalaşyk» esasynda çeke durandygyny aýtdy.

Gürjüstanda prawoslaw hristianlary agdyklyk edýär, emma ýurtda, Watikanyň hasaplamalaryna görä, 2.5 prosenti düzýän katolik azlygy bar.

Pop Tbilisiden soň Bakuwa sapar eder.

XS
SM
MD
LG