Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti rus hassahanasyndan çykyp, ýurduna geldi


Almazbek Atambaýew aýaly bilen ýurduna geldi. 1-nji oktýabr, 2016.
Almazbek Atambaýew aýaly bilen ýurduna geldi. 1-nji oktýabr, 2016.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bir hepdeden gowrak rus hassahanasynda bolup, ýurduna geldi.

Onuň edarasy prezidentiň ähtimal bolan ýürek problemalary üçin bejergi alandygyny aýtdy.

Atambaýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän sessiýasyna gatnaşmaga barýarka ýarawsyzlyk duýdy.

60 ýaşyndaky prezidentiň edarasy 27-nji sentýabrda Atambaýewiň ýürek urşy bilen bagly näsaglygynyň doly çözülendigini we onuň ýagdaýynyň gowulaşandygyny aýtdy.

Prezident Atambaýewiň saglyk meselesi Gyrgyzystanda teklip edilýän konstitusiýa reformalary üstündäki syýasy darkaşyň ýitileşen wagtyna gabat geldi.

Onuň parlamentdäki ýaranlary 4-nji dekabrda milli referendum geçirip, premýer-ministriň ygtyýarlyklaryny güýçlendirýän düzediş girizmek tekliplerini öňe itermeklerini dowam etdirýärler.

Atambaýew, ýurduň bir möhletli düzgüni boýunça, indiki ýyl prezidentlikden çekilmeli.

XS
SM
MD
LG