Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişop: MH17-ni ýykanlar jogapkärçilige çekiler


Donetsk sebiti, MH17-niň bölekleri
Donetsk sebiti, MH17-niň bölekleri

Awstraliýanyň daşary işler ministri Julie Bişop Malaýziýanyň ýolagçy uçaryny - MH17-ni ukrain asmanynda urup ýykmakda jogapkär adamlar 2016-njy ýylyň aýagyna çenli anyklanyp we jogapkärçilige çekilip biler diýdi.

Bişop 2-nji oktýabrda Awstraliýanyň ABC TV-sinde guralan söhbetdeşlikde «şu ýylyň aýagynda ýa-da indiki ýylyň başynda biziň bu işe jogapkär diýip ynanýan adamlarymyzyň sanawy tassyk ediler we olar sud jogapkärçiligine çekilmeli bolar» diýdi.

Halkara derňewçileri 28-nji sentýabrda üsti 298 adamly uçaryň Orsýetde ýasalan raketa bilen, Ukrainanyň Donbas sebitinden, orsýetçi separatistleriň kontrollyk edýän ýerinden atylyp urlandygyny aýtdy.

Bu uçarda heläk bolanlaryň arasynda 28 sany awstraliýaly bardy.

Bişop 2014-nji ýylyň iýulynda, Amsterdamdan Kuala Lumpura barýarka urlan uçaryň, Moskwanyň çaklaýşy ýaly, ukrain harbylary tarapyndan urulmandygyny, täze tapyndylaryň bu çaklamany ret edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG