Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon alymy Medisina boýunça Nobel baýragyna eýe boldy


Ýapon alymy Ýoşinori Ohsumi
Ýapon alymy Ýoşinori Ohsumi

2016-njy ýylyň Fiziologiýa ýa-da Medisina boýunça Nobel baýragy “autofragiýa üçin mehanizmleriň üstüni açan” ýapon alymy Ýoşinori Ohsumä beriler.

Stokgolmyň Karolinska instituty bu baradaky karary 3-nji oktýabrda mälim edip, Ohsuminiň açyşlarynyň “köp fiziologik prosese düşünmäge ýol açandygyny” aýtdy.

Şwesiýanyň Stokgolm şäherindäki Karolinska instituty her ýyl ilkinji bolup, Medisina boýunça Nobel baýragyny yglan edýär. Alty sany Nobel baýragynyň ýeňijilerine jemi 8 million şwed krony ($930,000) möçberinde pul sowgady hem berilýär.

Nobel baýragynyň beýleki ugurlar boýunça ýeňijileriniň şu hepdäniň dowamynda yglan edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG