Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdat BMG-ä Türkiýeden şikaýat edýär


Yrak, Mosul
Yrak, Mosul

Bagdat, türk goşunlarynyň demirgazyk Yrakda ýerleşmegi bilen baglylykda, gyssagly suratda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary sessiýasynyň çagyrylmagyny talap etdi.

Yragyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ahmed Jamal 6-njy oktýabrda bu talabyň Yragyň BMG-däki ilçisi tarapyndan, «türk tarapynyň transgressiýalary we keseden gatyşmalary barada gürleşmek üçin» edilendigini aýtdy.

Bu talapda Howpsuzlyk geňeşiniň «Türk goşunlarynyň Yragyň özygtyýarlylygyny bozmagyny we türk tarapynyň gowy goňşuçylyk ýörelgelerini hormatlamazlygyny bes etmegine çagyrýan rezolýusiýa kabul etmegine çagyrylýar diýip, Jamal aýtdy.

Iki goňşynyň arasyndaky ýagdaýlar, geçen ýyl Türkiýe Yragyň Mosul şäheriniň golaýyna, «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşýän söweşijilere tälim bermek üçin, öz goşunlaryny ýerleşdireli bäri dartgynlaşdy.

XS
SM
MD
LG