Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany 140 adamy öldüren zarbany derňejek diýýär


Saana
Saana

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygynda Ýemendäki pitneçilere garşy söweşýän koalisiýa paýtagt Saanada adam jaýlanýan mahaly urlan howa zarbasyny derňejekdigini aýdýar.

Birleşen Milletler guramasy 8-nji oktýabrda urlan howa zarbasynyň 140 adamy öldürip, ýüzlerçe adamy hem ýaralandygyny aýdýar.

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň 9-njy oktýabrdaky beýanatynda bu işiň derhal, ABŞ-nyň ekspertleri bilen bilelikde derňeljekdigi aýdylýar.

Bu koalisiýa biraz öň bu hadysanyň bolan wagty Saanada hiç bir operasiýa geçirmändigini aýdypdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bu bombalaýyşy derhal we bitarap derňemäge çagyrdy we asuda adamlara bilkastdan hüjüm edilmeginiň düýpden kabul ederlik däldigini aýtdy.

Şu arada ABŞ özüniň saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa düýpli azaldan goldawyna hem derrew gaýtadan seretjekdigini aýtdy.

Ýemeniň halkara ykrar edilen hökümetini goldaýan koalisiýa 2015-nji ýylyň martynda şaýy huti pitneçilerini bombalamaga başlady.

XS
SM
MD
LG