Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina rus içalysy diýilýän bir adamy tussag etdi


Ukrain harbylary.
Ukrain harbylary.

Ukrainanyň häkimiýetleri Russiýada hemişelik ýaşamaga ygtyýarnamasy bolan ukrain raýatynyň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Riwne şäherinde tussag edilendigini aýdýarlar.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň 9-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän adam Ukrainanyň harby ofiserlerine uly göwrümde pul we Russiýanyň raýatlygyny hödürläp, gizlin maglumatlary almaga synanyşmakda güman edilýär.

Gürrüňi edilýän bu adam, Russiýanyň häkimiýetleri ukrain žurnalisti Roman Suşçenkony resmi taýdan içalyçylykda aýyplandan bir gün soň, ýagny 8-nji oktýabrda tussag edildi. Suşçenko 30-njy sentýabrda Russiýada tussag edilipdi.

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar 2014-nji ýylda Moskwa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky söweşlerde Russiýa tarapdar separatistleri goldany bäri ýaramazlaşdy.

Bu aralykda, Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin özüniň 9-njy oktýabrda beren maglumatynda Kiýewiň “Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy” guramasyndan çykmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Bu gurama Russiýa we başga-da sekiz post-sowet respublikasy agzadyr.

Ukraina we Türkmenistan bu guramanyň assosirlenen, ýagny çäkli agzalarydyr.

XS
SM
MD
LG