Gazagystanyň prezidentiniň edarasy prezident Nursultan Nazarbaýewiň dümewe uçrandygyny, şol sebäpli saglyk bejergisini alýandygyny aýdýar.
11-nji oktýabrda gazak prezidentiniň edarasy tarapyndan mälim edilen bu bildiriş garaşylmadyk maglumat boldy. Merkezi Aziýanyň bu ýurdunda Nazarbaýewiň saglyk ýagdaýy barada adatça, köpçülige o diýen maglumat berilmeýärdi.
Sişenbe günki bildirişde gazak prezidentiniň saglyk ýagdaýy barada goşmaça maglumat berilmedi.
76 ýaşyndaky Nazarbaýew nebite gaz Gazagystana 1989-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär.
Mundan ozal, ol Hytaýda saglyk bejergisini alypdy. Şonda onuň nähili keselden ejir çekýändigi halk köpçüligine mälim edilmändi.
Şeýle-de, 11-nji oktýabrda Nazarbaýewiň edarasy prezidentiň Özbegistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Şawkat Mirziýaýew bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada maslahat edendigini habar berdi.