Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek senaty Mirziýaýewiň amnistiýa teklibini tassyk etdi


Şawkat Mirziýaýew
Şawkat Mirziýaýew

Özbek senaty iş başyndaky prezident Şawkat Mirziýaýewiň köpçülikleýin amnistiýa geçirmek baradaky teklibini tassyk etdi.

Bu günä geçiş we onuň ýerine ýetirilmegi 12-nji oktýabrda, parlamentiň ýokarky öýi tarapyndan tassyk edildi.Günä geçiş karary 8-nji dekabrda bellenilýän Konstitusiýa gününiň hormatyna kabul edildi.

Onuň güýje girmegi üçin diňe özbek senatynyň tassyklamagy gerek.

Bu günä geçiş zenan tussaglaryň, kämillik ýaşyna ýetmänkä tussag edilenleriň, 60 ýaşdan geçen erkekleriň we daşary ýurtly tussaglaryň, maýyp bendileriň azat edilmegini nazarda tutýar.

Yglan edilýän amnistiýanyň näçe tussagy öz içine aljagy belli däl. Bu günä geçiş uzak wagtlyk prezident Yslam Kerimow 2-nji sentýabrda ýogaldy diýlip yglan edileli bäri görkezilýän ilkinji rehimdarlyk aksiýasy bolup durýar.

Ozal Konstitusiýa gününe gabat geçirilýän günä geçiş birnäçe gün öňünden yglan edilerdi.

Özbekleriň köpüsi bu günä geçişiň ir yglan edilmegini Mirziýaýewiň 4-nji dekabra bellenen prezident saýlawlaryndan öň köpräk goldawçy gazanmak niýeti bilen baglanyşdyrýar.

XS
SM
MD
LG