Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti Ermenistana saparyny goýbolsun edýär 


Prezident N.Nazarbaýew rus kärdeşi W.Putin bilen. Astana, 4-nji oktýabr, 2016
Prezident N.Nazarbaýew rus kärdeşi W.Putin bilen. Astana, 4-nji oktýabr, 2016

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew şu hepde goýbolsun eden saparlarynyň sanawyna Ermenistany hem goşdy.

Gazak resmileri onuň «sowuklama, dümew» sebäpli bejergi alýandygyny aýdýarlar.

Nazarbaýewiň sözçüsi Aýdos Ukimbaý 12-nji oktýabrda žurnalistlere Nazarbaýewiň «umumy saglyk ýagdaýynyň gowudygyny» aýtdy.

Ukimbaý Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň 14-nji oktýabrda Ýerewanda geçýän sammitinde Nazarbaýewiň ýerine premýer-ministr Bakytžan Saghyntaýewiň wekilçilik etjekdigini habar berdi.

Ukimbaý Nazarbaýewiň beýleki planlaşdyrylan işleriniň plan boýunça amala aşyryljakdygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG