Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Moskwa garşy kiber gaýtawulyny taýýarlaýar


Merkezi aňtaw gullugy, CIA
Merkezi aňtaw gullugy, CIA

Birleşen Ştatlaryň hökümeti Moskwanyň garşysyna, Orsýetiň ABŞ saýlawlaryna gatyşmak synanyşygy diýilýäne jogap hökmünde, ähtimal kiber hüjümlerini taýýarlaýar diýip, ABŞ-nyň aňtaw resmileri NBC News neşirine aýtdylar.

Amerikan neşiri ady aýdylmaýan aňtaw resmilerine salgylanyp, 14-nji oktýabrda Merkezi aňtaw gullugynyň, CIA-niň Moskwany oňaýsyz ýagdaýa salmak maksady bilen, prezident Barak Obamanyň garamagyna bermek üçin gizlin operasiýa wariantlaryny taýýarlaýandygyny habar berdi.

Çeşmeler hiç bir jikme-jikligi aýtmady, emma agentligiň nyşanalaryny saýlandygyny we bu operasiýa üçin beýleki taýýarlyklary görýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG