Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa pitneçileri Dabik şäherini YD-dan yzyna aldy


Siriýadaky türk esgerleri.
Siriýadaky türk esgerleri.

Türkiýe tarapyndan goldanylýan pitneçiler 16-njy oktýabrda Siriýanyň Dabik şäherini ele geçirdiler.

Bu şäher «Yslam döwleti» topary üçin simwoliki taýdan möhüm berkitme bolup durýar.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy agyr topa tutmalar, türk uruş uçarlary bilen goldanan söweş netijesinde «Yslam döwleti» toparynyň Dabikden gysylyp çykarylandygyny aýtdy.

Pitneçiler Dabigiň YD bilen gazaply söweş netijesinde ele geçirilendigini aýtdylar.

Pitneçiler 15-nji oktýabrda golaýdaky obalary ele geçirip, Dabik şäheriniň daşyny gabadylar we ähli üpjünçilik ýollaryny kesdiler.

Bu şäher türk serhedinden 10 km çemesi uzaklykda ýerleşýär.

YD Dabigi 2014-nji ýylyň awgustynda basyp aldy we bu şäher olara propaganda nukdaý nazaryndan möhüm, sebäbi jeňçiler Dabik hristiançylyk bilen yslamyň arasyndaky kyýamat söweşiniň sahnasy bolar diýip ynanýarlar.

XS
SM
MD
LG