Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus komandiri “Motorola” gündogar Ukrainada öldürildi


"Motorola" lakamy bilen tanalýan Arsen Pawlow.
"Motorola" lakamy bilen tanalýan Arsen Pawlow.

Günorta Ukrainanyň Donetsk regionynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň ýokary derejeli komandiri janyna kast edilen ýaly bolup görünýän wakada öldürildi.

Orsýetiň raýaty 33 ýaşly Arsen Pawlow “Motorola” lakamy bilen tanalýardy we ol “Sparta” batalonyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Pawlow Donetsk aeroportunyň töwereginde ukrain güýçlerine garşy bolan söweşlere gatnaşyp, onuň 15 çemesi ukrain uruş tussagyny öldürendigi aýdylypdy.

Pawlow 16-njy oktýabrda Donetskdäki jaýyna girmek üçin lifte giren mahaly, elde ýasalan partladyjy serişdäniň ýarylmagy netijesinde ýaralanyp, öldi diýip, “Interfax” habar agentligi ýazýar.

Donetskiň separatist häkimiýetleri Pawlowyň ölümini tassykladylar we bu babatda derňewleriň geçirilýändigini aýtdylar.

Separatist lider Denis Puşin Pawlowyň ölüminde ukrain häkimiýetlerini aýyplady.

Kiýewdäki hökümet bu barada henize çenli haýsydyr bir kommentariý bilen çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG