Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda protestçiler türk harbylarynyň ýurtdan çykmagyny talap etdi


Müňlerçe yrakly Türkiýäniň Bagdatdaky ilçihanasynyň öňünde ýygnanyp, türk harbysynyň ýurduň demirgazygyna girmegine garşy protest bildirdi. 18-nji oktýabr, 2016 ý.
Müňlerçe yrakly Türkiýäniň Bagdatdaky ilçihanasynyň öňünde ýygnanyp, türk harbysynyň ýurduň demirgazygyna girmegine garşy protest bildirdi. 18-nji oktýabr, 2016 ý.

Müňlerçe yrakly Türkiýäniň Bagdatdaky ilçihanasynyň öňünde ýygnanyp, türk harbysynyň ýurduň demirgazygyna girmegine garşy protest bildirdi.

Protestçiler Ankaradan öz harbylaryny Mosul şäheriniň golaýyndaky bazadan çykarmagy talap etdiler.

Demonstrantlar, şol sanda aşa konserwatiw şaýy ruhanysy Muktada al-Sadryň tarapdarlary “Basybalyjylar, çykyň!” diýen şygarlary gygyrdylar.

Türk harbysynyň Yraga girmegi Bagdat bilen Ankaranyň arasynda dartgynlylygyň döremegine sebäp boldy.

Yragyň hökümeti türk harbylarynyň ýurda girmegine rugsat berlendigi baradaky maglumatlary ret edip, olardan ýurdy terk etmegi talap etdi.

Türkiýe bu çagyryşlary ýok hasaplap, öz esgerleriniň Mosul şäherini “Yslam döwleti” atly topardan yzyna almak üçin yrakly söweşijileri türgenleşdirýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG