Rus häkimiýetleri demirgazyk Kawkazda «Yslam döwleti» topary bilen ilteşikli hasaplanylýan alty adamy tutandyklaryny aýdýarlar.
Karaçaý-Çerkez respublikasyndaky Federel Howpsuzlyk býurosynyň resmileri 20-nji oktýabrda bu toparyň bir öýde geçirilen derňewde hüjüm ýaraglary, ok-däri we harby eşikler, partlaýjylar tapylandan soň tussag edilendigini aýtdylar.
Resmiler ol öýden tapylan wideo-materiallaryň güman edilýänleriň «Yslam döwleti» toparyna ygrarlylyk kasamyny içişlerini görkezýändigini aýdýarlar.
Güman edilýänler Karaçaý-Çerkez respublikasynyň, Dagystanyňwe Stawropol ülkesiniň ýaşaýjylary bolup, terrorçylyk aýyplamalarynda aýyplanýar.
Rus resmileri orsýetlileriň we öňki sowet respublikalarynyň raýatlarynyň azyndan 5 müň sanysynyň, «Yslam döwleti» toparyna goşulmak üçin, Siriýa we Yraga gidendiklerini aýdýarlar.