Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk goşuny Siriýada 200 kürti öldürdim diýýär


Siriýadaky türk esgerleri
Siriýadaky türk esgerleri

Türk harbylary öz uruş uçarlarynyň demirgazyk Siriýa 26 sany howa zarbasyny urup, kürt söweşijileriniň 200-e çenlisini öldürendiklerini aýdýarlar.

Goşun 19-njy oktýabrda Aleppo şäheriniň demirgazygynda, golaýda kürt milisiýasynyň – YPG-niň «Yslam döwleti» toparyndan yzyna alan ýerlerinde reýd geçirendigini aýdýar.

Uly derejeli kürt komandiri Mahmoud Barkhadan bu reýdlerde 10 söweşijiden kän adamyň ölmändigini aýtdy.

Siriýanyň aktiwistleri ölenleriň sanyny jemi 11 diýip görkezýär we bu reýdlerde kürt milisiýa güýçleriniň edara jaýlarynyň, duşuşyk nokatlarynyň, ýarag depolarynyň, şeýle-de dört sany maşynynyň weýran edilendigini aýdýar.

YPG, kürt milisiýasy YD bilen söweşýär we bu söweşde ABŞ-nyň goldawyny alýar, emma Türkiýe olary PKK, Kürdistan işçiler partiýasy bilen iltewli terrorçy gurama hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG