Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda söweşijiler Kirkuk şäherine hüjüm etdi


21-nji oktýabrda waka şaýat bolanlar Kirkuka brinäçe hüjümiň edilendigini aýdýarlar.

Awtomat tüpeňler we partladyjy serişdeler bilen ýaraglanan söweşijiler Yragyň Kirkuk şäherindäki we onuň töweregindäki nyşanalara hüjüm etdiler. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly topar öz üstüne aldy.

21-nji oktýabrda amala aşyrylan hüjüm, Yragyň hökümeti we kürt güýçleri Kirkukyň demirgazyk-günbataryndaky Mosul şäherinden “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini gysyp çykarmak üçin güýçli basyş edýän mahalyna gabat geldi.

Howpsuzlyk resmileriniň 21-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, partlaýjyly keltekçe geýen hüjümçiler Kirkukda polisiýa merkezini we barlag nokatlaryny, şeýle-de şäheriň çetinde Eýranyň kompaniýasy tarapyndan gurulýan elektrostansiýany nyşana aldylar.

Bu wakada howpsuzlyk güýçleriniň alty agzasynyň we sekiz söweşijiniň, şeýle-de elektrostansiýada işleýän 11 işçiniň, şol sanda iki sany eýranlynyň öldürilendigi habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG