Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisi ‘Sambo’ Russiýanyň bitewiligini güýçlendirýär diýdi


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary “Sambo” söweş sungatynyň Russiýanyň bitewiligini güýçlendirýändigini aýtdy.

21-nji oktýabrda Russiýanyň Nowosibirsk şäherinde žurnalistlere beren maglumatynda Raşid Nurgaliýew bu sportuň dünýäniň dürli künjegine ýaýramagy rus medeniýetini we dilini öňe sürmäge hem ýardam edýär diýdi.

Sebäbi Sambo “Russiýada döredi” we onuň düzgünnamalary hem rus dilinde diýip, Nurgaliýew aýtdy.

“Sambo” sözi rus dilindäki akronim bolup, ol “ýaragsyz öz-özüňi goramak” diýmegi aňladýar.

“Bu biziň parahatçylykly ýurtdygymyzy we dünýäniň ähli döwletlerine parahatçylygy getirýändigimizi aňladýar” diýip, Nurgaliýew aýtdy.

XS
SM
MD
LG