Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HPF Merkezi Aziýada we Kawkazda ösüşiň pes boljagyny aýdýar


HPF-nyň direktory Kristine Lagarde

Halkara pul fondy Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde ykdysady ösüş perspektiwalarynyň gowşakdygyny duýdurdy we öňki sowet respublikalarynyň reforma edilmegine kömekleşmäge çagyrdy.

HPF-nyň 21-nji oktýabrda çap eden hasabatynda bu iki sebitiň ykdysady ösüşiniň şu ýyl diňe 1.3 prosent boljakdygy çaklanýar. Bu çaklama sebitdäki ösüşiň 1998-nji ýyldan bärdäki iň pes görkezijisidir.

Hasabat ykdysady haýallama esasan çig mallaryň bahalarynyň peselmeginiň sebäp bolandygyny we bu ýagdaýyň Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly energiýa eksport edýän ýurtlara zyýan ýetirendigini aýdýar.

Bu ýurtlaryň ykdysadyýetiniň 2016-njy ýylda umuman alnanda 1 prosent derejesinde ösjegi çaklanylýar.

Merkezi Aziýa bilen Kawkaz sebitiniň ykdysady perspektiwalaryna berilýän bahanyň pesliginde esasy faktor Orsýet we Hytaý ýaly esasy hyzmatdaşlaryň ykdysady ösüşiniň haýallamagy bilen baglanyşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG