Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pragada tutulan hakeri 2012-nji ýyldaky hüjümde aýyplady


Ýewgeniý Nikuliniň Instagram hasaby
Ýewgeniý Nikuliniň Instagram hasaby

ABŞ häkimiýetleri şu aýyň başynda Pragada tutulan rus hakerini hakerlikde weLinkedIniň hem beýleki amerikan kompaniýalarynyň kompýuterlerinden maglumat ogurlamakda aýypladylar.

Ýewgeniý Nikuliniň 5-nji oktýabrda çeh paýtagtynda tussag edilmegi Moskwanyň ýiti garşylygyny döretdi we Kreml onuň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmeginiň öňüni baglamaga çalyşdy.

Bu tussaglyk kiber hüjümlerine we kiber jenaýatlaryna berilýän ünsüň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.

ABŞ-nyň käbirhäkimiýet wekilleri Orsýetiň we Hytaýyň hökümetlerini kiber hüjümleriniň arkasynda durmakda aýyplady.

ABŞ-nyň Adalat departamenti Nikuliniň bir topar jenaýatda, şol sanda kompýuterlere bikanun aralaşyp, şahsy maglumatlary ogurlamakda aýyplady.

Prokurorlaryň aýtmagyna görä, Nikulin 2012-nji ýylda LinkedIniň işgäriniň kompýuterine bir programma iberip, onuň ulanyş adyny we parolyny ogurlapdyr we olarykompaniýanyň kompýuterlerine girmek üçin ulanypdyr.

Rus resmileri onuň ekstradisiýa edilmeginiň öňüni almak ugrunda tagalla edýändiklerini aýtdylar.

LinkedIn Nikuliniň 2012-nji ýyldaky ogurlygynyň100 milliondan gowrak ulanyjysynyň parollaryny täzelemegine sebäp bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG