Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Häkimiýet başyndaky koalisiýa dargady


Gyrgyzystanyň Sooronbai Jeenbekow we hökümet agzalary
Gyrgyzystanyň Sooronbai Jeenbekow we hökümet agzalary

Gyrgyzystanyň “Sosial demokratik partiýasy” häkimiýet başyndaky koalisiýany terk etdi. Bu ädim premýer-ministr Sooronbaý Jeenbekowyň koalision hökümetiniň iş başyndan çekilmelidigini aňladýar.

“Sosial demokratik partiýasynyň” lideri Isa Omurkulowyň 24-nji oktýabrda aýtmagyna görä, alty partiýadan ybarat koalisiýany terk etmek kararyna partiýanyň bir gün öň geçirilen maslahatynda “barlyşyksyz syýasy garaýyşlar” sebäpli gelinipdir.

Prezident Almazbek Atambaýew döwlet başyna saýlanmazdan öň partiýa ýolbaşçylyk edipdi.

Konstitusiýa laýyklykda, bir partiýanyň terk etmeginiň netijesinde koalisiýa öz-özünden dargaýar we onuň düzen hökümeti iş başyndan çekilýär.

Jeenbekowyň hökümeti aprel aýynda işe başlapdy.

Prezident Atambaýewiň parlamenti täze koalisiýany düzmäge çagyrmagy üçin üç gün berilýär.

XS
SM
MD
LG