Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak harbylary, Peşmerga Mosulyň daşyna geçdiler


Kürtleriň Peşmerga güýçleri Mosuldan 27 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bartila şäherini eýelediler, 23-nji oktýabr, 2016.
Kürtleriň Peşmerga güýçleri Mosuldan 27 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bartila şäherini eýelediler, 23-nji oktýabr, 2016.

Yragyň harbylary we kürtleriň Peşmerga güýçleri 24-nji oktýabrda Mosul şäherini üç tarapdan gabadylar. Olar dynç günleriniň dowamynda şäheriň daşyndaky obalary we şäherleri ele saldylar. Mosul “Yslam döwleti” toparynyň demirgazyk Yrakda galasy hasaplanýar.

Peşmerga söweşijileri we Yragyň harbylary ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa zarbalaryna daýanyp, öz tagallalaryny sazlaşdyrýarlar.

Yragyň Kürt awtonom regionynyň prezidenti Masoud Barzani ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter bilen duşuşygynda kürtleriň Peşmerga toparynyň Mosuldan 24 kilometr uzaklykda ýerleşýän strategiýa taýdan ähmiýetli Başika şäherini ele salandygyny hem habar berdi.

Yragyň harbylary strategiýa taýdan ähmiýetli Bartella şäherini we taryhy hristian şäheri Hamdaniýany ele saldylar.

Şeýle-de goşun Mosulyň günorta tarapynda ornaşdy we şäheriň demirgazygyndaky Tall Kayf obasyny eýeledi.

XS
SM
MD
LG