Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Türkiýäniň Yraga girmegi “juda howply” diýýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Türkiýäniň Yragyň Mosul şäherini “Yslam döwleti” söweşiji toparyndan azat etmek boýunça geçirilýän harby operasiýa gatnaşmazyndan owal, yrak hökümetinden rugsat almalydygyny aýtdy.

Rohani: “Biz bir ýurduň razylygy bolmazdan, onuň içine başga bir daşary ýurduň girmegini juda howply bir ýagdaý hasaplaýarys” diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Ghasemi “bir ýurduň terrorizme garşy göreş bahanasy bilen başga bir ýurduň özygtyýarlylygyny bozmagy kabul ederliksizdir” diýip, belledi.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi Türkiýä ýüzlenip, Mosuly azat etmek boýunça geçirilýän operasiýadan gaça durmaga çagyrdy.

Emma Ankara bu çagyryşlary inkär edip, operasiýa gatnaşmaga taýýarlyk görýändigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG