Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dört orsýetli terrorçylyk bilen baglylykda Polşada sud edilýär


Polşanyň Bialystok şäheri
Polşanyň Bialystok şäheri

Orsýetiň dört raýaty terrorçylyk bilen baglylykda Polşada sud edilýärler.

Polşanyň Bialystok şäheriniň regional sudy işi 27-nji oktýabrda diňläp başlady.

Sud edilýänleriň atlary Taus G., Zaur G., Alwi Y. we Şamhan A. diýlip gysgaldylyp görkezildi.

Olara jenaýatçylykly gurama goşulmakda we “Yslam döwleti” toparyny maliýeleşdirmek üçin pul toplamakda günä bildirilýär.

Şeýle-de derňewçiler aýyplanýanlaryň “Yslam döwleti” toparynyň ýaralanan söweşijisine bikanun medisina kömegini almaga ýardam bermekde we Ýakyn Gündogarda YD toparynyň söweşijileri üçin ölüme getirmeýän harby enjamlary toplamakda aýyplanýandyklaryny habar berdiler.

Agzalan orsýetlileriň ählisi Polşada bikanun ýaşapdyr. Eger günäsi tassyklansa olar 12 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilip bilnerler.

XS
SM
MD
LG