Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda “terroristler” öldürildi


Azeri polisiýasy (arhiwden)
Azeri polisiýasy (arhiwden)

Azerbaýjanyň “dürli sebitlerinde” amala aşyrylan operasiýalarda “terroristdigi” öýdülýän iki adam öldürildi diýip, ýurduň resmileri maglumat berdiler.

Hökümet anna güni çykyş edip, iki günläp dowam eden operasiýanyň maksadynyň “Kawkaz jemagaty” diýlip atlandyrylýan “ekstremistik jenaýat toparynyň agzalaryny tussag etmekden” ybarat bolandygyny aýtdy.

Resmiler “terroristdigi” öýdülýän bir adamynyň saklanandygyny hem nygtadylar. Adamlaryň nirede öldürilendigi ýa tussag edilendigi barada hiç zat aýdylmady.

Fewralda Azerbaýjan Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň tarapynda söweşmekde güman edilýän sekiz adamy tussag edipdi.

XS
SM
MD
LG