Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: FBI-iň başlygy kanuny bozan bolmagy "mümkin"


Federal Derňew Býurosynyň başlygy Jeýms Komeý
Federal Derňew Býurosynyň başlygy Jeýms Komeý

ABŞ-da demokratik liderler Federal Derňew Býurosynyň (FBI) başlygynyň Hillari Klintonyň şahsy emeýl serwerlerini ulanmagy bilen ilteşiginiň bolmagynyň mümkindigi baradaky täze emeýlleri derňäp başlandygyny mälim etmegi bilen, ýurduň “kanunçylygyny bozan bolmagynyň ähtimaldygyny” aýtdylar.

Harry Reid 30-njy oktýabrda Federal Derňew Býurosynyň başlygy Jeýms Komeýe hat ýollap, onuň Hatç Aktyny bozan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Hatç akty bir resminiň öz wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, saýlawlara täsir etmeginiň öňüni alýar.

Federal Derňew Býurosynyň direktory Jeýms Komeý 28-nji oktýabrda – prezidentlik saýlawlaryna 11 gün galanda – Kongrese hat ýollap, täze emeýlleriň seljerilýändigini mälim etdi.

Kongresmenlere ýollan hatynda Komeý Hillari Klintonyň döwlet sekretary bolan döwri şahsy serwerlerden peýdalanandygy dogrusyndaky ozalky derňew bilen “ilteşiklidigine” meňzeýän täze emeýlleriň üstüniň açylandygyny aýtdy.

Klinton we onuň saýlaw kampaniýasy Federal Derňew Býurosynyň başlygynyň saýlawlaryň öňüsyrasynda bu maglumat bilen paýlaşmagyny ýiti tankytladylar.

Federal Derňew Býurosy Klintonyň 2009-2013-nji ýyllar aralygynda döwlet sekretary bolan döwri gizlin maglumatlary şahsy emeýlinde saklandygyny orta çykardy.

Iýul aýynda Komeý Klintonyň gizlin maglumatlara “juda seresapsyzlyk” bilen çemeleşendigini aýdyp, oňa garşy hiç hili jenaýat işiniň gozgalmajakdygyny hem mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG