Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak harbylary Mosulyň gündogaryna hüjüm edýärler


Mosul şäherini azat etmek boýunça geçirilýän harby operasiýa.

Yrak güýçleri Mosul şäherini “Yslam döwleti” ekstremistik toparyndan azat etmek boýunça alnyp barylýan operasiýanyň çäginde, şäheriň gündogar sebitlerine edilýän hüjümleri dowam etdirdiler.

Yrakly harby kommandir jeňçileriň ulaglary partladyp hüjümi duruzjak bolýandyklaryny, emma muňa garamazdan hökümet güýçleriniň 31-nji oktýabrda şäheriň gündogar raýonlaryna girmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Mundan iki hepde ozal, jeňçiler tarapyndan 2014-nji ýylda ele geçirilen Mosul şäherini azat etmek boýunça giň gerimli operasiýa başladylypdy.

Geçen hepdäniň ahyrynda şaýy harby düzümleri şäheriň günbataryndaky Tal Afar şäherine hem hüjümleriň başladylandygyny mälim edipdiler.

XS
SM
MD
LG