Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak güýçleri Mosulda gury ýer hüjümlerine başlady


Yragyň terrorçylyga garşy edarasynyň işgärleri çaknyşyklar döwründe ýaralanan kärdeşini alyp barýarlar. 31-nji oktýabr, 2016 ý.
Yragyň terrorçylyga garşy edarasynyň işgärleri çaknyşyklar döwründe ýaralanan kärdeşini alyp barýarlar. 31-nji oktýabr, 2016 ý.

Yrak güýçleriniň Mosulyň çäklerinde gury ýer hüjümleri diýlip atlandyrylýan operasiýalara başlamagy bilen, Yragyň demirgazyk şäherindäki gazaply söweş başlandy. Bu Mosuly “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerinden yzyna almak ugrunda indi iki hepde bäri geçirilýän operasiýalaryň çäginde amala aşyrylýan şuňa meňzeş ilkinji hüjümdir.

Bu söweş, Yragyň hökümet güýçleri “Yslam döwleti” atly toparyň Mosulyň gündogaryndaky Gogjali sebitindäki pozisiýalaryna güýçli artilleriýa oklary, tanklar we awtomat tüpeňler bilen eden hüjümleri netijesinde şäheriň 1 kilometr çemesi territoriýasyny basyp alandan bir gün soň, ýagny 1-nji noýabrda daňdan başlady.

Şol uruşda söweşijiler yrak güýçleriniň öňüni böwetlemek üçin dolandyrylýan anti-tank raketalary bilen gaýtawul berdiler. Yragyň hökümet güýçleriniň amala aşyran hüjümlerine Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň howa zarbalary goldaw berdi.

XS
SM
MD
LG