Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Aleppodaky ok atyşykda 10 sagatlyk arakesme yglan etdi


Siriýanyň Aleppo şäheri, 30-njy oktýabr, 2016.
Siriýanyň Aleppo şäheri, 30-njy oktýabr, 2016.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 4-nji noýabrda Siriýanyň Aleppo şäherinde ok atyşygy bes etmek barada 10 sagatlyk ýaraşygy teklip etdi, diýip ýurduň Goranmak ministrligi habar berdi.

“Bu karara 4-nji noýabrda Aleppoda ir sagat 9-dan agşam sagat 7-ä çenli ‘ynsanperwer arakesmäni’ yglan etmek üçin gelindi”, diýlip onuň “manysyz ýitgileriň” öňüni almak maksadyny öz öňünde tutýandygyny Orsýetiň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow aýtdy.

Gerasimow bu kararyň Siriýanyň häkimiýetleri tarapyndan kabul edilendigini aýtdy. Şeýle-de Gerasimow ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşygyň parahat ilatyň we söweşijileriň gozgalaňçylaryň elindäki şäheri terk etmegine ýol açýandygyny belledi.

1-nji noýabrda Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Orsýetiň soňky 16 günüň dowamynda regionda söweş uçarlaryny ulanmandygyny aýtdy. Orsýet Siriýanyň hökümetiniň hüjümlerini goldamakda tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG