Hytaýda şu hepdäniň başynda magdançylyk käninde bolan partlamanyň netijesinde dereksiz ýiten 33 magdançynyň ählisiniň öli tapylandygyny döwlet mediasy habar berdi.
“Ksinhua täzelikler agentliginiň 2-nji noýabrda habar bermegine görä, Çongking şäheriniň golaýyndaky “Jinşangou” hususy kände heläk bolan magdançylaryň jesetleri çykarylypdyr.
31-nji oktýabrda bolan partlamada iki işgär aman galypdy.
Partlamanyň sebäpleri anyklanmady, emma adatça şeýle partlamalara ýeriň aşagynda ýygnanýan gazlaryň ot almagy sebäp bolýar.
Hytaýyň häkimiýetleri wakany derňemegi we regiondaky beýleki kiçi känleri ýapmagy tabşyrdylar.
Hytaýyň dag-magdançylyk känleri dünýä derejesinde iň howply hasaplanylýar.
Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?