Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda iki otly çaknyşdy


Otlylaryň çaknyşan ýerinde halas ediş işleri geçirilýär. Karaçi. 3-nji noýabr, 2016 ý.
Otlylaryň çaknyşan ýerinde halas ediş işleri geçirilýär. Karaçi. 3-nji noýabr, 2016 ý.

Pakistanyň port şäheri Karaçide iki otlynyň birek-biregi bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan 19 adam heläk boldy, başga-da 50-ä golaýy ýaralandy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, 3-nji noýabrda Multandan ugran Zakaria Ekspress otlysy Lahordan gaýdan Fareed Ekspres otlysy bilen çaknyşypdyr. Döwlet mediasy heläkçiligiň bolan ýerinde halas ediş işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Mundan öň, sentýabrda Pakistanyň Punjab welaýatynda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde azyndan dört adam ölüpdi, 90-dan gowragy hem ýaralanypdy.

Pakistanyň kolonýa bolan döwri gurlan demir ýol liniýalary – ýeterlik derejede maliýe serişdeleriniň goýberilmeýändigi we abatlaýyş işleriniň wagtynda geçirilmeýändigi sebäpli – gözgyny ýagdaýda bolmagyna galýar.

XS
SM
MD
LG