Ýekşenbede, 13-nji noýabr güni agşam Palestina döwletiniň prezidenti Mahnud Abbas resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi.
Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, 14-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejelerdäki türkmen-palestin gepleşikleri geçiriler.
Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde daşary işler ministri Reşit Meredow palestin lideriniň öňde durýan saparyna görlen taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu saparyň öňden gelýän ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan aňryk hem ösdürmäge, özara peýdaly söwda-ykdysady we iş gatnaşyklaryny ýola goýmaga, ylym, bilim we medeniýet pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmegine garaşylýar.
Iki döwletiň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýola ýolýuldy.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !