Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň ykdysadyýet ministri $2 million para almakda aýyplanýar


Russiýanyň ykdysadyýet ministr Alekseý Ulýukaýew
Russiýanyň ykdysadyýet ministr Alekseý Ulýukaýew

Russiýanyň ykdysadyýet ministr Alekseý Ulýukaýew geçen aý “Başneft” firmasyny döwlete degişli “Rosneft” kärhanasyna satmagy ýeňilleşdirmek üçin 2 million amerikan dollary möçberinde para almakda aýyplanyp tussag edildi. Bu barada 15-nji noýabrda Russiýanyň Derňew komiteti habar berdi.

Ulýukaýew 1991-nji ýyldan bäri tussag edilen iň ýokary derejeli rus hökümet resmisidir. Ol hökümetiň iň uly hususylaşdyrma proseslerine gözegçilik etdi. Geçen aý Ulýukaýewiň gözegçiliginde “Başneft” regional nebit firmasy “Rosneft” döwlet kärhanasyna 5 milliard amerikan dollaryna satyldy.

Russiýanyň Derňew komiteti Ulýukaýewiň para alyp, hökümet tarapyndan “Rosneft” kärhanasynyň “Başnefti” satyn almagyna mümkinçilik döreden “oňaýly” netijeleri çykarmakda tussag edildi.

“Ulýukaýew derňewlerden soň, gije tussag edildi” diýip, Derňew komitetiniň resmisi “Reuters” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow “TASS” habar agentligine beren maglumatynda “bu örän ýiti aýyplamalar” we aýyplamalar sud tarapyndan çözüler diýdi.

XS
SM
MD
LG