Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad özüniň ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň Siriýa babatdaky amerikan syýasatyny üýtgedip-üýtgetmeýänini «garaşyp synlajagyny» aýtdy, emma özüniň jeňçilere garşy uruşda onuň bilen işleşmäge taýýardygyny hem sözüne goşdy.
Assad Trampyň saýlanmagy barada 15-nji noýabrda aýdan ilkinji sözlerinde respublikanlaryň lideri Siriýada režime garşy däl-de, yslamçylara garşy söweşmegiň zerurdygy barada «wadaly» beýanatlar etdi, emma ol muny edip bilermi diýdi.
"Adminstrasiýanyň içindäki gapma-garşy güýçler näme eder?" diýip, Assad portugal telewideniýesine aýtdy.
"Garşylykly lobbistler we güýçler Trampyň Siriýa babatdaky duşmançylygy saklap galmagyna täsir ýetirip bilerler» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Tramp Siriýanyň bäş ýyllyk raýat urşunda Assada garşy söweşýän käbir pitneçileri goldamak babatdaky amerikan strategiýasyny üýtgetmeginiň ahmaldygyny aýtdy.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!